“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” kompaniýasy ilata hödürleýän hyzmatlarynyň sanyny artdyrýar.
Kompaniýanyň şahamçalaryndan ilata Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) jerime hakynda çykaran kararlaryny eltmek hem-de olary kompaniýanyň täzelenen saýtynda ýa-da şahamçalarda tölemek hyzmaty gurnaldy. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.
Karary eltip berýän poçtanyň işgäri POS-terminalynyň üsti bilen nagt däl tölegi hem kabul edip bilýär. Töleg hakynda tassyknama elektron görnüşinde degişli edara ugradylýar.
“Türkmenpoçta” bilen PÝGG-niň arasynda gatnaşyklaryň çäginde awtoulag serişdeleriniň eýeleri poçta şahamçalarynda diňe jerimeleri tölemek bilen çäklenmän, eýsem, awtoulagy resmileşdirmek, sürüjileriň synagy we tehniki gözegçilik bilen bagly tölegleri hem amala aşyryp bilerler.
Şeýle-de kompaniýanyň täzelenen saýtynda ulanyjylar “Şahsy otagyň” üsti bilen jerime, jaý-ulanyş we beýleki hyzmatlar üçin tölegleri onlaýn görnüşinde amala aşyryp bilerler. Munuň üçin gerekli maglumatlary girizmeli. Töleg SMS üsti bilen tassyklanýar.
Mundan başga-da, demir ýol petekleriniň satuwy, Bütindünýä poçta birleşmesine agza döwletlere ekspress-ugratma hem kompaniýanyň hyzmatlarynyň sanawyna girýär, şeýle hem öýe eltmek hyzmatyndan peýdalanyp bolýar.