“Tesla” “Toyota”-ny geçip, dünýäde iň gymmat awtoulag öndürijisi boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Tesla” “Toyota”-ny geçip, dünýäde iň gymmat awtoulag öndürijisi boldy
Elen Maskyň “Tesla Semi” ulaglaryny tanyşdyryş çäresi, 2017 (Surat: “Tesla”)

ABŞ-ly elektrik ulag öndürijisi milliarder Elon Maskyň eýeçiligindäki “Tesla” paýnamalary 10-njy iýunda iň ýokary derejä ýetdi we “Toyota”-ny geçip, dünýäniň iň gymmat awtoulag kompaniýasyna öwrüldi.

Maskyň “Tesla Semi” elektrikli ýük ulagyny köpçülikleýin öndürmäge taýýarlanýandygyny mälim edenden soň, kompaniýanyň paýnamalary çarşenbe güni 1000 dollardan geçdi. Bu barada “Nýu-York Post” gazeti habar berýär.

Nýu-Yorkda ýerleşýän Amerikanyň “Nasdaq” biržasynyň maglumatlaryna görä, paýnama 8.9% bilen ýapylyp, 1025.05 dollardan ybarat boldy we kompaniýanyň bahasy 190 milliard dollara çykdy. Deňeşdirilip aýdylanda, “Toyota” – 181 milliard dollar, “Ford” – 27 milliard dollar, “General Motors” – 41 milliard dollar bahalandyrylýar.

Şeýle hem, Hytaýyň ýolagçy awtoulag birleşiginiň (CPCA) maglumatyna görä, “Tesla” maý aýynda özüniň Şanhaýda öndüren “Model 3” awtoulagynyň 11,095 sanysyny satdy, bu görkeziji aprel aýyna garanyňda üç esse köpdür.

“Telsa” 2003-nji ýylda esaslandyrylan amerikan kompaniýasy bolup, elektrik awtoulaglaryny öndürýär we “SolarCity” şahamçasynyň üsti bilen elektrik energiýasyny saklamakda çözgütleri hödürleýär.