Merkezi Aziýa ýurtlary we Owganystan sebitdäki ýagdaýlara syn berdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa ýurtlary we Owganystan sebitdäki ýagdaýlara syn berdiler
Gepleşige Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Owganystandan, BMG-niň guramalaryndan wekiller gatnaşdylar.

BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň gatnaşmagynda penşenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygynyň nobatdaky tapgyry sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Gepleşige Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Owganystandan ýokary derejeli diplomatlar, BMG-niň düzümlerinden we guramalaryndan wekiller, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ÝHHG-niň Dawalaryň öňüniň alynmagy boýunça merkeziniň direktory, şeýle-de halkara bilermenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, sebitleýin gepleşikleriň bu formaty sebit hem-de global derejedäki bilelikdäki hereketleriň gün tertibinde duran derwaýys meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin özüni önjeýli we aýratyn netijeli meýdança hökmünde ykrar etdi.

“Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän şu günki duşuşyk örän ähmiýetli hem-de öz wagtynda bolup, ol çylşyrymly ýagdaýlar dogrusynda pikirleri we kesgitlemeleri alyşmaga, täze koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy zerarly ýüze çykan çökgünligiň ýeňip geçilmegine gönükdirilen başlangyçlara giňişleýin seretmäge mümkinçilik berýär” diýip, türkmen diplomaty belledi.

Şonuň ýaly-da Hajiýew Owganystandaky ýagdaýlaryň jogapkär hem-de işjeň owgan güýçleriniň ählisiniň gatnaşmagynda giň gerimli umumymilli gepleşikleriň esasynda diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagynyň mümkindigini aýratyn nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda şeýle-de çökgünligiň ýeňip geçilmegi boýunça ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki milli başlangyçlara hem-de tekliplere, çökgünlikden soňky döwür üçin hökümetleriň çaklamalaryna syn berildi.

2022