Türkmenistan we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy geljekki hyzmatdaşlyk ugurlaryna seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy geljekki hyzmatdaşlyk ugurlaryna seretdiler
Türkmenistan we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy ýurtdaky wekilhananyň işine ýokary baha berdiler. (Surat: “iunwatch”)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň penşenbe güni BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Administratorynyň orunbasary we BMG-niň ÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebitleýin edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen onlaýn gepleşigi geçirildi.

Gepleşigiň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen uzakmöhletleýin hem-de netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Taraplar BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň ýurtdaky wekilhanasynyň netijeli işini aýratyn belläp geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşlikde pandemiýa ýagdaýynyň global we sebitleýin netijeleri hem-de olaryň aradan aýrylmagy boýunça bilelikde durmuşa geçirilýän hereketler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurtda ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň kabul edilendigi hem-de onuň BMG bilen hyzmatdaşlykda işlenilip düzülendigi bellenildi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygyň degişli Meýilnamasynyň işlenilip düzülmegi bilen birlikde pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirleriniň azaldylmagy maksady bilen bilelikde hereket etmegiň zerurlygy aýratyn nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygyna degişli birnäçe meselelere seredip geçmek bilen, saglygy goraýyş hem-de daşky gurşawyň goragy ulgamyndaky özara hereketleriň netijeliligini aýratyn belläp geçdiler. Şonuň ýaly-da BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistan babatynda 2021-2025 ýyllar üçin Ýurt boýunça maksatnamasynyň işlenilip düzülmegi boýunça pikirler hem alyşyldy.

2022