Marynyň “Ýeňiş” tikin fabrigi 12 million manatlyk önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Marynyň “Ýeňiş” tikin fabrigi 12 million manatlyk önüm öndürdi
“Ýeňiş” tikin fabrigi öz öndürýän önümlerini ýöriteleşdirilen dükanlarynda ilata hödürleýär.

Marynyň “Ýeňiş” tikin fabrigi şu ýylyň ilkinji bäş aýynda 12 million manatdan gowrak önüm öndürdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

«Ýe­ňiş» tikin kärhanasynyň hil gözegçisi Bilbil Mämmetdurdyýewa “2013-nji ýylda kärhanamyzda düýpli özgertmeler geçirildi. Tikinçilerimiz dünýäniň ösen döwletleriniň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edildi” diýip, kärhananyň enjamlary barada aýtdy.

Mämmetdurdyýewa tikinçileriň, dizaýnerleriň, biçimçileriň we beýleki hünärmenleriň müşderileriň isleglerine görä önüm öndürmäge çalyşýandygyny aýdyp, “Biz öz taýýarlaýan köýneklerimiz üçin gerekli çig maly – matany Ruhabadyň dokma toplumyndan alýarys. Ol ýerde öz topragymyzda ýetişdirilen, ekologiýa taýdan arassa pagtadan dokalan matalar öndürilýär” diýdi.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanada häzirki wagtda, esasan, erkek adamlara, uly we kiçi ýaşly çagalara niýetlenen dürli reňk we ölçegdäki köýnekler taýýarlanylýar.

Kärhanada mundan başga-da, ýörite buýurmalar esasynda ýurduň Ýaragly güýçleriniň serkerdeleri we esgerleri üçin harby lybaslar hem taýýarlanylýar.

“Ýe­ňiş” tikin fabrigi öz öndürýän önümlerini ýöriteleşdirilen dükanlary bilen birlikde, sanly ulgamyň üsti bilen hem ilata hödürleýär.