Türkmenistan bilen IEA alternatiw energiýa boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen IEA alternatiw energiýa boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekçi
Türkmenistan we IEA energiýanyň alternatiw we gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi edarasynda Halkara energetika agentliginiň (IEA) Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Nebitgaz meseleleri boýunça orunbasary Myratgeldi Meredowyň arasynda anna güni onlaýn görnüşinde gepleşik geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar Halkara energetika agentligi bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaz, nebit we energetika pudaklarynda bilelikdäki syny taýýarlamagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem halkara bazarlarynyň öwrülişiginde orta möhletleýin we uzak möhletleýin görnüşde çaklamalary taýýarlamak boýunça hem-de energiýa täsirliligini ýokarlandyrmakda we “ýaşyl” energetikada tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça gysga möhletli okuwlary gurnamak arkaly hünärmenleri taýýarlamak baradaky tekliplere seredildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda energiýanyň alternatiw we gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Merkezi Parižde ýerleşýän Halkara energetika agentligi 1974-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda oňa dünýäniň 30 ýurdy agzadyr. Agentligiň maksady köpçülikleýin energiýa howpsuzlygyny döretmekden ybaratdyr.

2022