Britan-şwed derman ägirdi “AstraZeneca PLC” şenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryny peýda görmezden 400 million sany COVID-19 synag sanjymy bilen üpjün etmek hakynda şertnama baglaşandygyny habar berdi.
Kompaniýa Oksford uniwersiteti tarapyndan işlenilen we Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Nederlandlar tarapyndan şu aý döredilen “Umumy sanjym bileleşigi” bilen baglaşylan şertnama laýyklykda 2020-nji ýylyň ahyryna çenli koronawirus sanjymyny gowşuryp başlar.
Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, ÝB-e agza bolan beýleki ýurtlar hem sanjymy almak üçin bileleşigiň agzalary bilen baglanyşylan şertnamanyň şertleri esasynda gepleşikleri geçirip bilerler.
“AstraZeneca” pandemiýa döwründe sanjymy girdejisiz artdyrmak maksatly beýleki kompaniýalar bilen işleşmäge açykdygyny aýtdy.
Sanjymy öndürmek üçin çykdajylaryň öweziniň hökümet maliýe serişdeleri bilen dolunmagyna garaşylýar.
Britan-şwed kompaniýasy golaýda Beýik Britaniýa, ABŞ, Norwegiýada ýerleşýän Epidemiýa taýynlyk innowasiýalary bileşigi hem-de Ženewada ýerleşýän “Gavi” waksina bileleşigi bilen şuňa meňzeş 700 million sanjymlyk şertnamalary baglaşdy.
Derman ägirdi, şeýle hem Hindistanyň Serum instituty bilen beýleki ýurtlar üçin goşmaça 1 milliard sanjymlyk ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy we “häzirki önümçilik kuwwatynyň iki milliard sanjymdan ybaratdygyny” belledi.
Kompaniýanyň COVID-19 synag sanjymynyň barlagy aprel aýynda Beýik Britaniýada 18 ýaşdan 55 ýaş aralygyndaky 1000-den gowrak sagdyn meýletinçi bilen başlandy. Maý aýynda 10,000 meýletinçi bilen barlagyň ýene bir tapgyryna girişildi.