Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýa ýurtlary ekologiýa boýunça mejlis geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýa ýurtlary ekologiýa boýunça mejlis geçirdi
WECOOP taslamasy ÝB we MA arasynda daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek maksady döredildi. (Surat: WECOOP)

Daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa Birleşigi – Merkezi Aziýa iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň WECOOP taslamasynyň birinji mejlisi duşenbe güni onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Mejlisiň işine Ýewropa Komissiýasynyň Daşky gurşaw meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümleriniň ýolbaşçylary, Italiýanyň Daşky gurşaw, ýer we deňiz serişdeleri ministrliginiň, ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň wekilleri, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça jogapkär hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan birinji mejlisiň işine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hem-de Daşary işler ministrliginiň hünärmenleri gatnaşdylar. 

Mejlisde daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB – MA iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň 9-njy mejlisinden soňra ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredilip geçildi, şol sanda çökgünlik ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen Toparyň Iş maksatnamasynyň hem-de WECOOP taslamasynyň Iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de 2021-nji ýylyň ýazynda Almata şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB – MA iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň 10-njy mejlisiniň ileri tutulýan ugurlaryna seredilip geçildi.

WECOOP taslamasy ÝB we MA arasynda daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen 2009-njy ýylda döredildi. 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda bolsa, ÝB tarapyndan üç ýyllyk täzelendi.

2022