Aziýa ösüş banky СОVID-19-a garşy görlen çäreler bilen tanyşdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aziýa ösüş banky СОVID-19-a garşy görlen çäreler bilen tanyşdyrdy
Aziýa ösüş banky bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy 2000-nji ýylda başlandy.

Aziýa ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” (CAREC) maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjylarynyň sişenbe güni onlaýn görnüşinde maslahat beriş mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda oňa gatnaşyjylar CAREC maksatnamasynyň ykdysadyýet, söwda, energetika, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeler ugurlarynda durmuşa geçirilen işler, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda Aziýa ösüş banky (AÖB) tarapyndan СОVID-19-a garşy görlen çäreler bilen tanyşdyryldy.

Mejlisiň esasy maksady pandemiýanyň CAREC-a agza ýurtlaryň ykdysady ýagdaýyna ýetiren täsiri we häzirki ýüze çykan ýagdaýyň netijelerini taýýarlamakdan, AÖB-niň pandemiýa garşy alyp barýan işiniň täzelenen maglumatlary baradaky çykyşlaryndan, CAREC maksatnamasynyň işine we netijelerine berilýän bahadan hem-de zerur bolan üýtgeşmeleriň kesgitlenilmeginde we ylalaşylmagyndan ybaratdyr.

AÖB bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy 2000-nji ýylda başlandy. 2018-nji ýylyň noýabr aýynda AÖB 2019-2021-nji ýyllar boýunça Türkmenistanda alyp barjak işleriniň meýilnamasyny kabul etdi. Bu meýilnama 150 million dollarlyk karz bermegi, şeýle hem ýurduň ulag we üstaşyr geçelgelerine, eksport ugurlaryna we hususyýetçiligi ösdürmegi maksat edinýän taslamalara 690 million dollarlyk maliýe goldawyny bermegi öz içine alýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022