Türkmen Lideri “Nurly meýdan” kompaniýasynyň oba-hojalyk işleri bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri “Nurly meýdan” kompaniýasynyň oba-hojalyk işleri bilen tanyşdy
“Nurly meýdan” daýhan hojalygy 393 gektar ýerde ekin ekýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynda çarşenbe güni Bereket etrabynyň çäklerinde ýerleşýän “Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň ekerançylyk ýerleri we önümçilik desgalary bilen tanyşdy.

2013-nji ýylda döredilen daýhan hojalygynyň ekin meýdanynyň umumy möçberi 393 gektar bolup, onuň 343,7 gektaryna ot-iýmlik ekinleri ekilýär, önümçilik desgalarynyň ýerleşýän ýeriniň meýdany 50 gektara golaýdyr.

Hojalygyň önümçilik toplumynda ýyllyk kuwwaty 8 müň tonna barabar towuk etini öndürýän bölüm bolup, häzirki döwürde bu ýerde 5 müň tonna guş eti öndürilýär we 12 million jüýje çykarýan inkubatorly guşçulyk toplumy, ýylda 16 million ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumy hereket edýär.

Şeýle hem bu ýerde ýylda 72 müň tonna guşlar üçin ýokumly iýmleri öndürýän zawod, ýylda 100 tonna et öndürmäge niýetlenen maldarçylyk toplumy hem-de ýylda 500 müň bägül ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhana bar.

“Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Täçmyrat Tuwakow döwlet Baştutanyna hojalykda ýerine ýetirilýän işleriň gerimini giňeltmegi, dowarlaryň we iri şahly mallaryň sanyny artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýdyp, hojalygyň berk ot-iýmlik binýadynyň döredilýändigini nygtady.

Häzirki wagtda hojalygyň mekgejöwen ekilen meýdanynyň möçberi 50 gektara barabardyr. 50 gektara golaý ýerde bolsa, ýorunja ösdürilip ýetişdirilýär. Soýa ekilen ýeriň meýdany bolsa 24 gektara barabardyr. Şeýle hem hojalygyň bugdaý, arpa we beýleki ekinler üçin niýetlenen 222 gektardan gowrak sürümli ýeri bardyr.

Geljekde bu ýerde mallardan alynýan önümleri gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Hojalygyň çäginde dünýäniň kämil enjamlary bilen üpjün edilen önümçilik toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Nurly meýdan” daýhan hojalygynda öndürilýän önümleriň ýokumlylyk we ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.

Şeýle-de türkmen Lideri önümleri gaýtadan işlemekde olaryň ýokary hil derejesine we ekologiýa ýagdaýyna üns berilmelidigini belledi we döwletiň telekeçilik işini mundan beýläk-de goldajakdygyny, zerur mümkinçilikleri yzygiderli üpjün etjekdigini aýtdy.

2022