Türkmenistanda iki sany täze sement zawodyny ýerli kompaniýalar gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda iki sany täze sement zawodyny ýerli kompaniýalar gurar
Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyryny “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýeti gurar.

Türkmenistanda 2 million tonna sement öndürjek iki sany täze desgalaryň gurluşygy türkmen kompaniýalaryna ynanyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine häzirki wagtda sement öndürýän iki kärhananyň 2-nji tapgyrlaryny gurmaga ygtyýar bermek baradaky Kararlara anna güni gol çekdi.

Ministrlik Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürýän Bäherden sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Beýik-Bina” hususy kärhanasy bilen şertnamany daşarky eltiji elektrik, gaz, suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşar.

Şeýle-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürýän Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşylar.

Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we sement zawodyny 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

2022