Aşgabat bilen Daşkent import we eksport amallaryny kämilleşdirmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Daşkent import we eksport amallaryny kämilleşdirmekçi
Türkmen we özbek diplomatlary ýurtlaryň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamaga ygrarlydyklaryny bellediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sişenbe güni syýasy we ykdysady meseleler boýunça türkmen-özbek geňeşmeleri onlaýn görnüşinde geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Wepa Hajiýew hem-de Ilhomjon Neýmatow ýolbaşçylyk etdiler, diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

Geňeşmeleriň barşynda diplomatlar taraplaryň halkara hem-de sebitleýin guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge özara taýýarlyklaryny nygtadylar. Gepleşikde ýurtlaryň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamaga ygrarlydyklary bellenilip geçildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, şol sanda iki ýurduň arasynda import we eksport amallarynyň kämilleşdirilmegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň soňky geçirilen mejlisiniň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň meselelerine jikme-jik garaldy.

Söhbetdeşlige gatnaşan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Gurbanow bilen Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary B.Abidow söwda ulgamyndaky nukdaýnazarlaryny beýan etdiler.

Taraplar şonuň ýaly-da energetika we suw hojalygy pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Sebitdäki pandemiýa ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagynda ulag-kommunikasiýa ulgamy, gatnawlar hem-de üstaşyr geçelgeleriniň kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda, serhetüsti hereketleriň ýokary derejesi bellenilip geçildi.

Gepleşige gatnaşyjylar bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek barada ylalaşdylar. Özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň gaýtadan dikeldilmeginiň meselelerine hem seredilip geçildi.

2022