Türkmen-eýran serhedinde ýük wagonlary dezinfeksiýa tunellerinden geçýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-eýran serhedinde ýük wagonlary dezinfeksiýa tunellerinden geçýär
Eýranyň Inçeburun demir ýol geçelgesinden 30 wagonly ýük otlusy sişenbe güni Türkmenistanyň serhedine girdi. (Surat: “Tehran Times”)

Eýranyň Inçeburun demir ýol geçelgesinden sement ýüklenen 30 wagonly otly sişenbe güni Türkmenistanyň serhedine girdi. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň (IRICA) metbugat sekretary Seýid Rouhollah Latife salgylanyp, Mehr habarlar agentligi habar berýär.

IRICA-nyň metbugat sekretary başga-da alty sany harytly wagonyň Lotfabad-Artyk serhet geçelgesi arkaly Türkmenistana iberilendigini belledi.

Rouhollah Latifi geçen penşenbe gününden bäri Türkmenistan bilen serhetleşýän Sarahs geçelgesiniň üsti bilen Eýrandan 120 wagon ýüküň eksport edilendigini aýtdy.

IRICA-nyň metbugat sekretary ýene-de 101 wagonyň Inçeburun demir ýol geçelgesinden geçip, Türkmenistana, Gazagystana we Özbegistana harytlaryň iberilmegine garaşylýandygyny mälim etdi.

Otlular saglyk protokollaryna laýyklykda, dezinfeksiýa tunellerinden geçenden soň Türkmenistanyň çägine girýär.

Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany birleşdirýän 677 kilometrlik “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesi 2014-nji ýylda sebitde söwdany ýeňilleşdirmek üçin işe girizildi.

2022