Türkmenistan statistika tejribesine SNA 2008 düzgünnamalaryny girizmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan statistika tejribesine SNA 2008 düzgünnamalaryny girizmekçi
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde statistika barada döwlet kwalifikasiýalaryny girizmek boýunça tegelek stol geçirildi. (Surat: UNDP)

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde duşenbe güni statistika barada döwlet kwalifikasiýalaryny girizmek boýunça tegelek stol geçirildi. Bu barada BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Çäre BMGÖM Türkmenistan bilen Statistika baradaky döwlet komitetiniň bilelikde durmuşa geçirýän “Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki kuwwaty güýçlendirmek” taslamasynyň çäginde gurnaldy.

BMGÖM-iň Maksatnamalar boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Röwşen Nurmuhamedow “Şu günki tegelek stoluň maksady 2008-nji ýylyň Milli hasaplar ulgamynda (SNA 2008) ulanylýan statistika barada döwlet kwalifikasiýalar we olary girizmek boýunça teklipler bilen tanyşdyrmak” diýip belledi.

Habara görä, häzirki wagtda Türkmenistanda statistika tejribesine SNA 2008 düzgünnamalaryny girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýurduň beýleki ministrlikleri we edaralary bilen gatnaşyklary güýçlenýär.

Tegelek stola Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň pensiýa gaznasynyň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň, döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hem-de Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Geçen anna güni Milli hasaplar ulgamy (SNA) boýunça onlaýn okuwyň ikinji tapgyry tamamlanypdy.

2022