Türkmenistan Kazanda söwda wekilligini açmagy göz öňünde tutýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Kazanda söwda wekilligini açmagy göz öňünde tutýar
Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Tatarystanyň Maýa goýumy ösdürmek agentliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy. (Surat: “InvestTatarstan”)

Türkmenistanyň Russiýanyň Tatarystan Respublikasyndaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow çarşenbe güni Tatarystanyň Maýa goýumy ösdürmek agentliginiň ýolbaşçysy Taliýa Minullina bilen duşuşdy. Bu barada Maýa goýumy ösdürmek agentliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda türkmen konsuly Kazan şäherinde Türkmenistanyň söwda wekilligini açmagy meýilleşdirýändigini belledi. “Bu mümkinçilige ýurduň hökümeti tarapyndan seredilýär” diýip, Baýramow sözüniň üstüni ýetirdi.

“Biziň üçin türkmen-rus gatnaşyklary möhüm ugurdyr. Soňky wagtlarda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy artyp, onuň aglaba bölegi Tatarystanyň paýyna düşýär. Biz söwda wekilligini açmagyň üstünde işlemäge taýýar” diýip, konsul aýtdy.

Şeýle-de Atadurdy Baýramow sişenbe güni Kazan şäheriniň häkimi Ilsur Metşin bilen duşuşyk geçiripdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy 2019-njy ýylyň dekabrynda açyldy. Atadurdy Baýramow şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly wezipesine bellendi.

2022