2021-nji ýylda nebitiň “Brent” görnüşiniň bahasy $50-a ýetmegi mümkin

BIZNES TÜRKMENISTAN
2021-nji ýylda nebitiň “Brent” görnüşiniň bahasy $50-a ýetmegi mümkin
“Bank of America”: 2021-nji ýylda nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barreli üçin ortaça bahasy 50 ABŞ dollaryna ýetip biler.

“Bank of America”-nyň çaklamasyna görä, ýük gatnawyna bolan talabyň garaşylýanyndan has köp artmagy, şeýle hem OPEK-den üpjünçiligiň ep-esli azalmagy sebäpli, 2021-nji ýylda nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barreli üçin ortaça bahasy 50 ABŞ dollaryna ýetip biler. Bu barada “The National” agentliginiň habarynda aýdylýar.

“Nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barreli üçin ortaça bahasy şu ýyl 43.70 ABŞ dollary bolar, bu bolsa, onuň öňki bahasy 37 ABŞ dollaryndan ýokarydyr. Munuň sebäbi, häzirki wagtda köp ýurtlar koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizen hereket çäklendirmelerini aýyrmaga başlady” diýip, “Bank of America” belleýär.

Dünýäde nebit bazarynyň esasy görkezijileri, şu ýylyň 8-nji martynda nebitiň bahasy baradaky çaklamamyza soňky gezek täzeden seredenimizden bäri ep-esli üýtgedi, diýlip “Bank of America”-nyň ýekşenbe güni ýaýradan beýanatynda bellenilýär.

Şeýle-de “Bank of America” nebitiň WTI görnüşi üçin çaklamasyna täzeden seretdi. Nebitiň bu görnüşiniň bir barreli üçin 2021-nji ýyldaky bahasy 47 ABŞ dollary bolar, 2022-nji ýyl üçin bahasy 50 ABŞ dollaryna çenli ýeter. Bu çaklamalar, 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda ABŞ-da alynýan nebit slanesiniň bazara gaýdyp gelmegine esaslandy diýlip, maglumatda berilýär.

“The National” agentliginiň habaryna görä, geçen anna güni nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barreli üçin bahasy 41.02 ABŞ dollaryna ýetdi, WTI görnüşiniň bir barreli üçin baha 0.6% çenli peselip, 38.49 ABŞ dollaryndan ybarat boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022