Merkezi Aziýa ýurtlary we Koreýa Respublikasy söwda gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa ýurtlary we Koreýa Respublikasy söwda gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrýar
“Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa Işewürler Geňeşini” döretmek hakyndaky Ähtnama elektron görnüşinde gol çekildi.

Koreýanyň Halkara Söwda Assosiasiýasynyň, “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Onlaýn görnüşde geçen mejlisiň işine Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň başlygy, Koreýanyň Halkara Söwda Assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik missiýalaryň wekilleri we Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gepleşigiň maksady Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Munuň çäklerinde taraplar Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Işewürler Geňeşini döretmek barada koreý tarapynyň başlangyjyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow hem çykyş etdi. Öz çykyşlarynda Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary ýurtlaryň arasynda köptaraplaýyn we ynamly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek, işewürleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, ähli ugurlar boýunça, şol sanda arbitraž, syýahatçylyk we senagat taslamalaryny amala aşyrmak meselelerini öňe sürdüler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda “Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa Işewürler Geňeşini” döretmek hakyndaky Ähtnama elektron görnüşinde gol çekildi.

2022