Türkmen gallaçylary 690 müň gektardan 1.4 million tonna hasyl ýygnadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen gallaçylary 690 müň gektardan 1.4 million tonna hasyl ýygnadylar
Türkmen daýhanlary ýurduň harmanyna azyklyk bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar.

Türkmen daýhanlary ýurduň harmanyna azyklyk bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny tabşyryp, borçnamalary doly ýerine ýetirdiler. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Mejlis başlamazdan öňürti, gallaçylaryň azyklyk bugdaý taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada welaýat häkimleriniň hasabatlaryna bagyşlanan dabara geçirildi.

Hasabatlara laýyklykda, Ahal welaýatynyň gallaçylary 400 müň tonnadan gowrak däne, Balkan welaýatynyň ekerançylary 80 müň tonna, Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bugdaýyň 265 müň tonnadan gowragyny, Lebap,welaýatynyň gallaçylary 310 müň tonna däne, Mary welaýatynyň daýhanlary 345 müň tonna ýokary hilli azyklyk bugdaýy tabşyrdylar.

Türkmenistanyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary 5-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa 12-nji iýunda umumy 690 müň gektar meýdanda galla oragyna girişipdiler.

2022