Aşgabat şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan duşenbe güni gurnalan tegelek stoluň başynda bilim we maglumat tehnologiýalaryny (IKT) ornaşdyrmak, tejribe geçirmek pikir alyşmak barada ylmy maslahat öz işine başlady. Bu barada ÝHHG-niň resmi saýty habar berýär.
Üç günlük okuwa Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Harby institutyň we Içeri işler ministrligiň institutynyň wekilleri gatnaşdy. Bu çäre häzirki zaman maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanyp, elektron okuw sapaklaryny ösdürmekde mugallymlar bilen tejribe alyşmaga gönükdirilendir.
“Onlaýn okuw gatnaşyjylary ýygy-ýygydan ulanylýan hyzmat platformalary we sanly okuw dolandyryş ulgamlary bilen tanyşdyrar. Bu hem öz gezeginde gatnaşyjylaryň okuw prosesini has-da sanlaşdyrmaga ýardam berjek bilimleriniň we başarnyklarynyň derejesini ýokarlandyrmaga kömek eder” diýlip, habarda aýdylýar.
Okuw maslahatyny açan ÝHHG-nyň Türkmenistandaky Merkeziniň başlygy Nataliýa Drozd: “Sanly döwürde uzak aralykdan bilim almak, elektron okuw kitaplary we okuw programmalary ýaly maglumat tehnologiýa gurallaryny ulanmak ýokary bilimdäki ähli okuw prosesiniň aýrylmaz bölegine öwrülýär” diýip belleýär.
Maslahatyň dowamynda okuw materiallaryny ösdürmekde we sanly ulgamda okuw prosesini geçirmekde ulanylýan dürli onlaýn gurallar hem-de maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary hödürlenýär.
Bu okuw-maslahaty Germaniýanyň hökümetiniň goldawy bilen gurnaldy.