Dynç güni Hytaýda işlenip düzülen üç sany “ARJ21” uçary ýurduň esasy awiakompaniýalary bolan “Air China”, “China Eastern Airlines” we “China Southern Airlines” kompaniýalaryna gowşuryldy.
Uçarlar 90 orunlyk bolup, Hytaý täjirçilik awiasiýa korporasiýasy (COMAC) tarapyndan öndürildi.
“Üç sany “ARJ21” uçarynyň bir wagtda gowşurylmagy howa gämisine halkara derejede has giň abraý gazanmaga mümkinçilik berer” diýip, COMAC kompaniýasy belleýär.
“ARJ21” uçary dört ýyl ozal täjirçilik işine başlady we ol Hytaýyň ilkinji ýerli howa gämisidir.
Meýilnamalara görä, “Air China”, “China Eastern Airlines” we “China Southern Airlines” her ýyl üç sany “ARJ21” uçaryny satyn almakçy.
Geçen ýylyň awgust aýynda üç bäsdeş awiakompaniýa bir wagtyň özünde “ARJ21” uçarlarynyň 2024-nji ýyla çenli 35 sanysyny sargyt etdiler.
“Reuters”-iň habaryna görä, COMAC ýene iki ýolagçy uçarynyň üstünde işleýär. Olar häzirki wagtda synag uçuşlaryny amala aşyrýan dar göwrümli “C919” we Russiýa bilen bilelikde işlenip düzülen giň göwrümli “CR929” uçarlardyr. “C919” howa gämileri dar göwrümli uçar bazarynda “Airbus” we “Boeing” bilen gönüden-göni bäsdeşlik eder.