Dünýäde milliarderleriň sany 8.5% artyp 2,825-e ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäde milliarderleriň sany 8.5% artyp 2,825-e ýetdi
Hytaýda milliarderleriň we jemi baýlygyň iň güýçli ösüşi hasaba alyndy.

2019-njy ýylda dünýädäki milliarderleriň sany 2,825-e ýetdi, bu bolsa 2018-nji ýyldakydan 221 adam ýa-da 8.5% köpdür. Bu barada “Wealth-X” kompaniýasyň sişenbe güni ýaýradan hasabatynda aýdylýar.

Hasabata görä, milliarderleriň jemi baýlygy bir ýylyň içinde 10.3% artyp, 2019-njy ýylda 9.4 trillion dollara ýetdi.

Hytaýda milliarderleriň we jemi baýlygyň iň güýçli ösüşi hasaba alyndy.

Geçen ýyl milliarderleriň sanynyň ösüşi, esasan-da, maliýe bazarlarynda ýokary ösüş bilen baglanyşyklydyr diýip, “Wealth-X” habar berýär.

Milliarderleriň aglaba bölegi, ýagny 847 sanysy Ýewropada hasaba alyndy. Hasaba alynan 834 milliarder bilen Demirgazyk Amerika milliarderleriň ikinji köp bolan sebitidir. Emma Demirgazyk Amerikanyň milliarderleriniň jemi baýlygy 3.5 trillion dollar bolup, ol Ýewropa döwletleriniň milliarderleriniň jemi baýlygyndan, ýagny 2.5 trillion dollaryndan ýokarydyr.

ABŞ we Hytaý milliarderleriň sany iň köp bolan iki döwlet bolup galýar. 2019-njy ýylda ABŞ-da 788 milliarder, Hytaýda bolsa, 342 milliarder hasaba alyndy. Şeýle hem milliarderleriň sany iň köp bolan 15 uly şäherleriň üçüsi bu iki ýurtdadyr.

Hasabatda, şeýle hem COVID-19 pandemiýasynyň we onuň dünýä ykdysadyýetine we maliýe bazaryna zeperiniň milliarderleriň 2020-nji ýyldaky ýagdaýyna täsiri gözden geçirildi. Wealth-X-yň maglumatlaryna görä, deslapky derňew milliarderleriň sanynyň we olaryň jemi baýlygynyň azalandygyny görkezdi.

2022