Hytaý–Özbegistan–Gyrgyzystan demir ýolunyň gurluşygy tizleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý–Özbegistan–Gyrgyzystan demir ýolunyň gurluşygy tizleşdirilýär
Özbek we gyrgyz ministrleri Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan demir ýolunyň gurluşygyny tizleşdirmek barada pikir alyşdylar.

Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Transport ministrleri Elýer Ganiýew hem-de Janat Beýşenow çarşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.

Gepleşigiň barşynda Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan demir ýolunyň gurluşygynyň tizleşdirilmegi we beýleki transport meseleleri barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşlikde taslamany durmuşa geçirmek üçin we beýleki tehniki we maliýe şertlerini maslahatlaşmak üçin täze onlaýn wideo konferensiýasyny geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Özbegistanyň Transport ministrliginiň habar bermegine görä, geljek hepde ministrler derejesinde geçiriljek konferensiýada Hytaý tarapy bilen ylalaşyk gazanylar.

Mundan başga-da, ministrler Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň arasyndaky özara söwdany ösdürmek üçin möhüm bolan Lianyungan – Lançhou – Kaşgar – Irkeştam – Oş – Andijan döwrebap transport ýoluny ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine ünsi çekdiler.

Gepleşiklerde Hytaý, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň arasynda hereket edýän ulaglaryň päsgelçiliksiz geçmegi barada ylalaşyk gazanyldy. Awtoulag transport konteýnerleri “Irkeştam” hytaý barlag-goýberiş nokadyndan “Oş” demir ýol stansiýasyna çenli daşalýar. Stansiýada ýükler otlulara ýüklenip, demir ýol arkaly degişli nokatlara iberilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022