Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Muhammet Hanif Atmar bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar iki döwletiň Baştutanlarynyň hem-de daşary gatnaşyklar syýasy edaralaryň üsti bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamagyň möhümdigini bellediler. Hanif Atmar pandemiýa döwründe Owganystana berilýän ynsanperwerlik kömegi üçin Türkmenistanyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda penşenbe güni üçtaraplaýyn wideo konferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi. Diplomatlar döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky gepleşiklerden soň görkezmelere laýyklykda pikir alyşdylar we “Lapis-Lazuli” üstaşyr geçelgesine we TOPH taslamasynyň wajyplygyny nygtamak bilen ulag, energetika, telekommunikasiýalar ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini tassykladylar.
Diplomatlar Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleri bilen bagly meseleleri, serhetara hyzmatdaşlygyny hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki özara hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.