Transhazar halkara ulag konsorsiumynyň agzalary – Azerbaýjanyň “ADY Konteýner”, Gazagystanyň “KTZ Express”, Gruziýanyň “GR Logistics” hem-de Türkiýäniň “Pacific Eurasia Logistics” kompaniýalary gysga wagtyň içinde Hytaýyň Sian şäherinden Türkiýäniň Izmit şäherine konteýner otlusyny getirdiler. Bu barada Azerbaýjanyň “AZERTAC” agentligi ýekşenbe güni habar berýär.
Habara görä, otly 43 sany kyrk futluk konteýnerlerden ybarat bolup, ol Gazagystanyň Aktau portundan Azerbaýjanyň Baku portuna “Beket-Ata” fider gämisinde getirildi. Bu ýerden konteýnerler gysga wagtda Baku-Tbilisi-Kars ugry boýunça Türkiýä ugradyldy.
“Otly Baku portundan Beýuk Kesik stansiýasyna çenli aralygy 14 sagatda geçip (bellenen wagt 24 sagat), 10 sagat tygşytlady. Türkiýä degişli aralygy bolsa 50 sagatda geçip, ol bellenen wagtdan 70 sagat öň geldi” diýip, habarda aýdylýar.
Transhazar halkara ulag ugry boýunça ýük daşamalary sanitar-epidemiologiki kadalara laýyklykda yzygiderli dowam edýär.