“Fujitsu” kompaniýasy uzak aralykdan işlemek tertibi ugrunda ädim ädýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Fujitsu” kompaniýasy uzak aralykdan işlemek tertibi ugrunda ädim ädýär
“Fujitsu” Ýaponiýada takmynan 80,000 işgäriniň amatly iş sagady tertibinde işlejekdigini hem-de öýden işlemek mümkin boldugyça standart boljakdygyny aýtdy.

Ýaponiýanyň “Fujitsu Ltd” kompaniýasy duşenbe güni koronawirus pandemiýasy netijesinde emele gelen “täze kada” sebäpli işgärleriniň iş tertibine üýtgeşme girizýändigini we üç ýylyň dowamynda ofis ýerlerini iki esse azaltjakdygyny mälim etdi. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.

Tokioda ýerleşýän IT kompaniýasy Ýaponiýada takmynan 80,000 işgäriniň amatly iş sagady tertibinde işlejekdigini hem-de öýden işlemek mümkin boldugyça standart boljakdygyny aýtdy.

Kompaniýanyň işgärler bölüminiň başlygy Hiroki Hiramatsu “Biz işgärlerimiziň her gün ofislere gatnamak şertine esaslanan iş tertibimizi, iş haklarymyzy we ýaşaýyş durmuş ýardamlarymyzy düýpli üýtgederis” diýip belledi.

Kompaniýa täze üýtgeşmeleriň öndürijiligi ýokarlandyryp, işgärleriň iş-durmuş deňagramlylygyny gowulandyrmagyna garaşýandygyny belledi.

“Fujitsu Limited” maglumat tehnologiýa enjamlary öndürýän we hyzmat berýän ýapon kompaniýasydyr. Kompaniýa dünýädäki iň uly IT hyzmatlaryny üpjün edijileriň biri bolup, onuň takmynan 140,000 işgäri bar hem-de önümleri we hyzmatlary 100-den gowrak ýurtda ulanylýar.