Türkmenistan dokma önümleriniň 70 göterimden gowragyny eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan dokma önümleriniň 70 göterimden gowragyny eksport edýär
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde 70-den gowrak kärhana hereket edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda öndürilýän dokma önümleriniň 70 göterimden gowragy daşary ýurtlara eksport edilýär. Bu barada “Aşgabat” gazeti şenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde 70-den gowrak kärhanalar, ýagny, dürli görnüşli nah we garyşyk ýüplükleri, matalary, sütükli, jins matalary, örme matalary, şeýle hem bu matalardan taýýar önümleri öndürýän kärhanalar hereket edýärler.

Kärhanalarda Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Belgiýanyň, Şweýsariýanyň kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyryldy. “Dokma ulgamy boýunça birnäçe iri senagat düzümleriniň “çig mal – taýýar önümler” ýörelgesiniň çäklerinde işlemegi bu usulyň has netijelidigini görkezdi” diýlip, habarda aýdylýar.

Merkezi Aziýa sebitinde iri kärhana hasaplanylýan Aşgabadyň dokma toplumy (ADT) eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek bilen, ýurduň içerki bazarlaryny doly üpjün edýär. Kärhananyň hünärmenleriniň öndürýän önümlerini tapawutlandyrýan aýratynlygy reňk berijiniň ýa-da ýumşadyjy serişdäniň hiç bir himiki goşundynyň ulanylman taýýarlanýandygy bilen düşündirip bolar. Kärhana önümlerini “öý dokmasy” diýip atlandyrýar.

ADT-nyň hünärmeni Azatdurdy Berjanow “Dokma toplumymyz önümlerini “ADT”, “Goza”, “Wada” diýen haryt nyşanlary bilen ilata hödürleýär. Ýylyň başynda dokmaçylar öndürýän önümlerine “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýen nyşan bilen bezemegi-de ýola goýdular” diýip, işleriň barşy bilen tanyşdyrdy.

Geçen ýyl dokma toplumynda çagalara niýetlenilip, ýörite ýumşak oýunjaklary öndürýän bölüminiň işi hem ýola goýuldy. Häzirki günde ýasalýan oýnawaçlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Ýumşak oýnawaçlar el süpürgiçleriň galyndy-kesindilerinden taýýarlanylýar.

2022