Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Energetika Hartiýasynyň sekretariaty tarapyndan Energetika Hartiýasyna Ylalaşygy (EHY) döwrebaplaşdyrmak boýunça wideomaslahatlar görnüşinde geçirilýän gepleşikleriň birinji tapgyryna Türkmenistan hem gatnaşýar.
TDH-nyň çarşenbe güni habar bermegine görä türkmen tarapyna Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri wekilçilik edýär.
Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň agzalary bolan ähli döwletler eýýäm Şertnamany täzelemek barada öz tekliplerini hödürlediler. Taraplar Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyny döwrebaplaşdyrmak baradaky iş Toparynyň häzirki – hasap boýunça ikinji mejlisinde bu resminamanyň taslamasynyň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirdiler.
Energetika ulgamynda maýa goýumlary goramak esasy mowzuklaryň biridir. Pikir alyşmalaryň barşynda halkara maýa goýum düzgünini kemala getirmek, täze üstaşyr serhet energetika ulgamyna maýa goýmagyň aýratynlyklary, ýurtlaryň we energetika taslamalaryna beýleki gatnaşyjylaryň özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk we telekeçilik ugurlary barada maslahatlaşyldy.
Mejlisde EHY-ny dünýäniň energetika ulgamyna ornaşdyrmagyň häzirki zaman talaplaryna uýgunlaşdyrmagyň, oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin hökmany bolan hem-de maýa goýumlary we energiýa serişdeleriniň söwdasy bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmaga ýardam edýän bitewi kadalary işläp taýýarlamagyň wajypdygy bellenildi.
Ýewropanyň we Aziýanyň onlarça ýurduny birleşdirýän EHY häzirki wagtda ýeke-täk köptaraplaýyn ylalaşyk bolup durýar. Ol çylşyrymly syýasy, ykdysady hem-de energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek, şol sanda döwletara gaz geçirijileri we elektrik geçiriji ulgamlar bilen baglanyşykly hukuk meselelerini çözmäge gönükdirilendir.