Milliarder Warren Baffet haýyr-sahawat guramalaryna ýene $2.9 milliard berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Milliarder Warren Baffet haýyr-sahawat guramalaryna ýene $2.9 milliard berdi
Bill Geýts we Warren Baffet

“MarketWatch”-yň habar bermegine görä, milliarder maýadar Warren Baffet ähli baýlygyny tapgyrlaýyn haýyr-sahawat guramalaryna bermek meýilnamasynyň çäginde bäş sany gazna üçin ýene 2.9 milliard ABŞ dollary möçberindäki aksiýany berdi.

Baffet çarşenbe güni beren beýanatynda özüniň onlarça ýyl bäri işleýän “Berkshire Hathaway” holdinginiň paýnamalaryny bäş gurama, ýagny “Bill we Melinda Geýts” gaznasyna, merhum aýalynyň adyny göterýän Syuzan Tompson Baffet gaznasyna we üç çagasynyň hersi tarapyndan dolandyrylýan gaznalara berendigini aýtdy.

Umuman alanyňda, “Berkshire Hathaway”-yň 16 milliona golaý B Synp paýnamasyny bagyş etdi. Habarda aýdylmagyna görä, 2006-njy ýyldan bäri onuň haýyr-sahawat işleriniň umumy mukdary 37 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

89 ýaşly Baş direktor ahyrsoňy “Berkshire” paýnamalarynyň ählisini haýyr-sahawata bermegi göz öňünde tutýar. Ol aradan çykanyndan soň galjak paýlar dürli haýyr-sahawat guramalaryna paýlanar. Iň soňky haýyr-sahawatyndan soň Baffet takmynan 67.6 milliard ABŞ dollaryndan ybarat bahasy bolan “Berkshire”-ň A synp paýnamalarynyň 248,734 sanysyny eýeleýär.

2022