Türkmenistan we ÝB COVID-19-yň öňüni almak boýunça tejribe alyşýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we ÝB COVID-19-yň öňüni almak boýunça tejribe alyşýarlar
Merkezi Aziýada ilkinji BOMCA amallary 2003-nji ýylda başlandy.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA), Türkmenistanda serhet dolandyryşynda koronawirusa garşy utgaşdyrylan çäreleri guramakda ÝB-iň öňdebaryjy tejribesini paýlaşmak boýunça onlaýn okuwy gurnady. Bu barada Ýewropanyň daşary gatnaşyklar gullugynyň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Türkmenistanyň serhet, migrasiýa, gümrük, fito-sanitariýa we sanitariýa-epidemiologiki guramalarynyň 20-den gowrak wekili Latwiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň, Döwlet girdeji gullugynyň hem-de Azyk we weterinariýa gullugynyň wekilleri bilen koronawirus ýokanjynyň öňüni almak barada maglumat alyşdy.

Beýanata görä, ÝB-BOMCA Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri bilen hyzmatdaşlykda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek mümkinçiliklerini artdyrmak üçin serhet gulluklaryny goldamaga we enjamlaşdyrmaga borçlanýar.

Merkezi Aziýada ilkinji BOMCA amallary 2003-nji ýylda başlandy. Ýewropa Bileleşigi 2003–2020-nji ýyllar üçin BOMCA 40.1 million ýewro bölüp berdi, munuň 6.6 million ýewro möçberi 9-njy tapgyryny (2015–2020) durmuşa geçirmek üçin ulanyldy.

BOMCA Maksatnamasynyň baş ýörelgesi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we olara goňşy döwletleriň özara ykdysady ösüşine hem-de bu sebitiň ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösüşine we durnuklylygyna ýardam bermekden ybarat bolup durýar.

2022