Türkmenistan bilen Ukraina howa gatnawynyň dikeldilmegini maslahat etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Ukraina howa gatnawynyň dikeldilmegini maslahat etdi
Gepleşiklere ukrain tarapyndan, şeýle-de Ukrainanyň Döwlet howa gullugynyň ýolbaşçysy Aleksandr Bilçuk we ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. (Surat: Ukrainanyň Infrastruktura ministrligi)

Ukrainanyň Infrastruktura ministri Wladislaw Krikliý Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýew bilen duşuşyk geçirdi, onda howa gatnawlarynyň dikeldilmegi boýunça maslahat etdiler.

Bu barada "Ukrinform" habarlar agentligi Ukrainanyň Infrastruktura ministrligine salgylanyp habar berdi. Habara görä, ukrain ministri türkmen ilçisi bilen anna güni Kiýewde duşuşdy.

“Taraplar iki ýurduň arasynda ýolagçy gatnawynyň täzeden dikeldilmegi, şeýle-de hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary boýunça pikir alyşdyrlar” diýlip, habarda aýdylýar.

Krikliý Ukrainanyň Türkmenistan bilen howa gatnawyny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, wideokonferensiýa görnüşinde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary bilen bu ugurda maslahat geçirmäge taýýardygyny belledi.

Taraplar, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwdany artdyrmak maksady bilen ýük-ulag gatnawynyň ýola goýulmagynyň mümkinçiliklerine seretdiler.

Türkmen diplomaty ýurtlaryň ykdysady gatnaşygyny ýola goýmak babatyndan Türkmenistanyň ukrain kompaniýalarynyň bu işe çekilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Gepleşiklere ukrain tarapyndan, şeýle-de Ukrainanyň Döwlet howa gullugynyň ýolbaşçysy Aleksandr Bilçuk we ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.