Türkmen we gyrgyz DIM-leriniň ýolbaşçylary özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy tassykladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we gyrgyz DIM-leriniň ýolbaşçylary özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy tassykladylar
Türkmen we gyrgyz baş diplomatlary syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegine, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň we Çingiz Aýdarbekowyň arasynda penşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibiniň çäklerinde birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegine, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Taraplar sebitde durnukly ösüşi saklamak, asudalygy we howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar. Global koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmekde utgaşykly çäreleriň wajyplygy hem bellenildi.   

2022