“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky gepleşikde COVID-19-yň täsirini peseltmek maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky gepleşikde COVID-19-yň täsirini peseltmek maslahatlaşyldy
Mejlisiň netijeleri boýunça “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky Daşary işler ministrleriň birinji duşuşygynyň bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. (Surat: täjik DIM-i)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky ministrler derejesindäki birinji mejlise sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy diýip, türkmen DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Mejlise Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem-de Hytaýyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara hereketler barada maslahatlaşdylar.

Mejlisde garalan esasy meseleleriň biri hem durmuşyň ähli taraplaryna oňaýsyz täsir edýän dünýädäki pandemiýa ýagdaýy boldy. Ministrler COVID-19 ýokanjyndan dörän hassalyklaryň öňüni almak we bejermek barada toplan tejribeleri barada gürrüň berdiler we pikir alyşdylar. Taraplar pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmek mümkinçiliklerine garadylar.

Öz çykyşynda Raşid Meredow “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini nygtap, onuň çäklerindäki maslahatlaşma gurallaryny kesgitlemegi teklip etdi. Ol serişde, ykdysadyýet we ylym-senagat taýdan giň mümkinçiliklere eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmäge has uly goşant goşup biljekdiklerini nygtady.

Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar hem-de BMG-niň meýdançasynda özara goldaw bermegiň ähmiýetini belläp geçdiler. Şeýle hem owgan meselelerine hem-de Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleriniň ilerledilmegine ýardam bermek mümkinçiliklerine garaldy.

Mundan başga-da, ministrler energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy hem-de ylym we lukmançylyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine seretdiler.

Mejlisiň netijeleri boýunça taraplar “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky Daşary işler ministrleriň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen birinji mejlisiň bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022