Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň çäginde birnäçe çagalar baglaryny, orta mekdepleri we medeniýeti öýlerini gurmagy meýilleşdirýär.
“Türkmenistan” gazetinde şenbe güni çap edilen bäsleşige görä, şu aşakdaky binalaryň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär:
- Daşoguz şäherinde 1 sany çagalar bagy, 600 orunlyk orta mekdep;
- Boldumsaz etrabynda 1 sany çagalar bagy we 1 sany orta mekdep:
- Köneürgenç etrabynda 1 sany orta mekdep, etrabyň Derýalyk geňeşliginiň Derýalyk obasynda 200 orunlyk medeniýet öýi;
- Köneürgenç şäherinde 200 orunlyk medeniýet öýi;
- Akdepe etrabynda 1 sany çagalar bagy, 1 sany orta mekdep we 1 sany medeniýet öýi;
- Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 1 sany orta mekdep;
- Görogly etrabynda 1 sany orta mekdep;
- S.A.Nyýazow adyndaky etrapda 1 sany orta mekdep, 1 sany çagalar bagy;
- Gubadag etrabynda 1 sany çagalar bagy, 2 sany orta mekdep.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermelidirler.
Şeýle-de talap edilýän resminamalaryň arasynda edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat, hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama, häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumatlar hödürlenmelidir.
Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 20-nji iýulyna, her gün sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.