Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrýar
Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin maýa goýum gaznasynyň birnäçe taslamalaryna gatnaşyp biler.

Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa üçin maýa goýum gaznasynyň birnäçe taslamalaryna gatnaşmagy mümkindir. Bu barada “Trend” habar agentligi duşenbe güni habar berýär.

ÝB-niň Türkmenistandaky wekilliginiň berýän maglumatyna görä, 2019-njy ýylda badalga berlen taslamalara indikiler degişlidir:

  • Merkezi Aziýada maýa goýum pudagyny, bäsdeşlige ukyplylygy we söwda işlerini goldamak;
  • Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ulgamynda hyzmatdaşlyk, şeýle hem Energetika we suw serişdeler ulgamyny ösdürmek boýunça Merkezi Aziýa maksatnamasy;
  • ÝB – Merkezi Aziýanyň kanunyň hökmürowanlygy boýunça sebitleýin maksatnamasy;
  • Merkezi Aziýada maliýe durnuklylygy berkitmek we töwekgelçiligi peseltmegi çaltlaşdyrmak.

“Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk 2010-njy ýylyň awgust aýynda güýje giren Söwda we onuň bilen bagly meseleler hakyndaky wagtlaýyn Şertnama esasynda alnyp barylýar, diýip ÝB-niň wekili belledi” diýip, “Trend” ýazýar.

ÝB-niň Türkmenistandaky wekilligi 2019-njy ýylyň iýul aýynda açylypdy. “Bu wekilligiň açylmagy ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde gyzyklanma bildirilýändiginiň subutnamasy bolup durýar” diýip, habarda beýan edilýär.

2022