Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa üçin maýa goýum gaznasynyň birnäçe taslamalaryna gatnaşmagy mümkindir. Bu barada “Trend” habar agentligi duşenbe güni habar berýär.
ÝB-niň Türkmenistandaky wekilliginiň berýän maglumatyna görä, 2019-njy ýylda badalga berlen taslamalara indikiler degişlidir:
- Merkezi Aziýada maýa goýum pudagyny, bäsdeşlige ukyplylygy we söwda işlerini goldamak;
- Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ulgamynda hyzmatdaşlyk, şeýle hem Energetika we suw serişdeler ulgamyny ösdürmek boýunça Merkezi Aziýa maksatnamasy;
- ÝB – Merkezi Aziýanyň kanunyň hökmürowanlygy boýunça sebitleýin maksatnamasy;
- Merkezi Aziýada maliýe durnuklylygy berkitmek we töwekgelçiligi peseltmegi çaltlaşdyrmak.
“Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk 2010-njy ýylyň awgust aýynda güýje giren Söwda we onuň bilen bagly meseleler hakyndaky wagtlaýyn Şertnama esasynda alnyp barylýar, diýip ÝB-niň wekili belledi” diýip, “Trend” ýazýar.
ÝB-niň Türkmenistandaky wekilligi 2019-njy ýylyň iýul aýynda açylypdy. “Bu wekilligiň açylmagy ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde gyzyklanma bildirilýändiginiň subutnamasy bolup durýar” diýip, habarda beýan edilýär.