Ýewropa Bileleşiginiň liderleri sişenbe güni irden tamamlanan ÝB-niň taryhynda iň uzyn sammitleriň birinden soň, ozal görlüp-eşidilmedik 1.82 trillion ýewro (2.1 trillion ABŞ dollary) býujet we COVID-19-y dikeldiş gaznasy barada ylalaşyk gazandy.
Ýewropa Geňeşiniň sişenbe güni beren beýanatyna görä, 750 milliard ýewro (857.33 milliard ABŞ dollary) dikeldiş bukjasy we takmynan 1.1 trillion ýewro 2021-2027 ýyllary üçin býujeti “ÝB-niň pandemiýadan soň gaýtadan dikelmegine kömek berer hem-de ýaşyl we sanly geçişlere maýa goýumlaryny goldar”.
Ylalaşyk baradaky metbugat ýygnagynda çykyş eden Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel “Bu gaty güýçli şertnama. Iň esasy zat, häzirki wagtda Ýewropa üçin dogry şertnama” diýip belledi.
750 milliard ýewrolyk dikeldiş gaznasy halkara karz serişdeleri esasynda maliýeleşdiriler. Onuň 390 milliard ýewrosy grant hökmünde we 360 milliard ýewrosy karz hökmünde ýurtlara berler.
Bu şertnama ÝB-niň taryhynda iň uzyn gepleşikleriň netijesinde gazanyldy. Şenbe güni tamamlanmagy meýilleşdirilen iki günlük sammit bäş güne golaý dowam etdi.