“Chevron” “Noble Energy” kompaniýasyny $5 milliarda satyn alýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Chevron” “Noble Energy” kompaniýasyny $5 milliarda satyn alýar
Bu ylalaşyk ABŞ-nyň iri “Chevron” kompaniýasynyň subut edilen uglewodorod gorlaryny takmynan 18% yokarlandyrar.

“Chevron Corp” energetika kompaniýasy duşenbe güni “Noble Energy Inc” nebit we gaz öndürijisi kompaniýasyny takmynan 5 milliard ABŞ dollaryna satyn aljakdygyny mälim etdi. Bu şertnama energetika pudagyndaky koronawirus pandemiýasy netijesinde emele gelen ykdysady çökgünligiň dünýädäki ýangyja bolan islegini aşa peselip, nebitiň bahasyny iň pes derejä çykarany bäri ilkinji uly ylalaşykdyr. Bu barada “Reuters” habar berýär.  

Habara görä, nebitiň bahasynyň arzanlamagy köp energiýa kompaniýalarynyň paýnamalarynyň pese gaçmagyna sebäp boldy hem-de olary çökgünlikden azat bolup, maliýe serişdeleri köp bolan kompaniýalar üçin nyşana öwrüdi. “Chevron” geçen ýyl “Anadarko” üçin 33 milliard ABŞ dollarlyk teklibinden el üzüp we soňra çökgünlik döwründe çykdajylary azaldýan ilkinji iri nebit kompaniýalarynyň hataryna gireninden soň, birinji çärýegi 8.5 milliard ABŞ dollary bilen tamamlady.

Bu ylalaşyk “Chevron” kompaniýasyna ABŞ-nyň slanesine maýa goýumyny artdyrmaga hem-de Ortaýer deňziniň gündogaryndaky iň uly tebigy gaz ýatagy bolan “Noble” kompaniýasyna degişli Ysraýylyň kenaryndaky “Lewiathan” ýatagynyň eýeçiligini berer.

Wud Makenzi kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Tom Ellakott kompaniýanyň Ysraýylyň kenaryndaky gaz ýataga eýeçiligi onuň iş ugurlaryny tebigy gaza tarap agdaklyk etmegine getirer, diýip belleýär.

“Reuters”-e görä, nebit kompaniýalaryndan taşlandylary azaltmak talap edilýär we tebigy gaz has arassa ýangyç hasaplanýar.

Dördünji çärýekde doly ýerine ýetirilişi tamamlanmagy garaşylan ylalaşykdan soň, “Noble”-yň paýdarlary bileleşen kompaniýanyň takmynan 3%-ne eýeçilik ederler.

Bu ylalaşyk ABŞ-nyň iri “Chevron” kompaniýasynyň subut edilen uglewodorod gorlaryny takmynan 18% yokarlandyrar. “Noble” 2.05 milliard barrel nebit we gaz gorlaryna eýedigi, “Chevron” bolsa, 11.4 milliarda barabar gorunyň bardygyny habar beripdi.

2022