Türkmenistan Russiýadan täze döwrebap wagonlary satyn almakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Russiýadan täze döwrebap wagonlary satyn almakçy
Türkmenistan täze wagonlaryň 1100 sanysyny, şol sanda 300 sany ýapyk, 300 sany ýarym açyk we 500 sany nebit we benzin daşamak üçin wagonlary satyn almakçy.

Russiýanyň Türkmenistandaky Söwda wekilhanasynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri 9-njy iýulda “Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Transmaşholding”, “NPK Uralwagonzawod”, “Transputmaş” we “Altaýwagon” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleriniň arasynda iş wideo konferensiýasy guralypdy.

Russiýanyň Senagat we söwda ministrliginiň sişenbe güni habar bermegine görä, türkmen tarapy demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde ýakyn wagtda täze wagonlaryň 1100 sanysyny, şol sanda 300 sany ýapyk, 300 sany ýarym açyk we 500 sany nebit we benzin daşamak üçin wagonlary satyn almakçydygyny belledi.

Gepleşige gatnaşyjylar demirýol enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek babatynda rus-türkmen ykdysady gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada hem pikir alyşdylar.

Şeýle hem, söhbetdeşlikde rus demirýol önümleriniň bu pudakdaky türkmen kärdeşleriniň talaplaryna laýyk gelmeginiň ähmiýetini belledi.

Rus kompaniýalarynyň wekilleri özüniň gyzyklanmalary barada pikir alşyp, türkmen hyzmatdaşlary bilen mundan beýläk-de gatnaşyklary ösdürmek boýunça, şeýle hem bäsleşiklere gatnaşmagyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Demirýollary” AGPJ we “Transmaşholding” ozal geçirilen gepleşikleriň netijesinde iki sany ýük we iki ýolagçy dizel lokomotiwini üpjün etmek boýunça maslahat etdiler hem-de häzirki wagtda taraplar şertnamanyň üstünde işleýärler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022