Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasynyň synçy derejesi berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasynyň synçy derejesi berildi
BSG-niň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde kabul edildi. (Surat: BSG)

Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşine gatnaşyjy döwletler çarşenbe güni Türkmenistana BSG-niň synçysy derejesini bermek baradaky çözgüdi biragyzdan kabul etdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki BSG-niň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky ýüzlenmä seredildi.

Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, şeýle-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde gatnaşmak boýunça ýüzlenmesine seredilmegi mynasybetli ýörite dabara gurnaldy. Onuň barşynda Türkmenistanyň hemişelik wekili Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Baş Geňeşiň gatnaşyjylaryna Gurama goşulyşmak işiniň başlangyçlary, hususan-da Türkmenistanyň daşary ykdysady işini durmuşa geçirmegiň täzeçil syýasaty barada gürrüň berdi.

“Ýurduň bu derejä eýe bolmagy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşine, daşary söwda ulgamyndaky ornunyň pugtalanmagyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmagyna, daşary ýurtlardan maýa goýumlaryny çekmäge we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer” diýlip, DIM-iň habarynda beýan edilýär.

Türkmen tarapynyň çykyşyndan soň, Gurama gatnaşyjy döwletleriň birnäçe wekili, şol sanda Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hindistanyň, Mongoliýanyň, Panamanyň, Paragwaýyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Urugwaýyň wekilleri Türkmenistanyň bu Gurama synçy hökmünde goşulyşmak başlangyjyny goldap çykyş etdiler.

Häzirki wagtda 164 döwlet BSG-niň agzasy bolup durýar. 24 ýurtda bu Guramanyň synçy derejesi bar. Şeýlelik-de, Türkmenistan synçy derejesindäki 25-nji döwlet boldy.

2022