Russiýa indiki ýyldan başlap elektron zähmet depderçesine geçmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa indiki ýyldan başlap elektron zähmet depderçesine geçmekçi
Russiýada elektron zähmet depderçelerini ýöretmek hakyndaky Kanun 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. (Surat: TASS)

Russiýa Federasiýasynyň raýatlary 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan zähmet depderçesiniň elektron görnüşi bilen işe kabul edilip bilner. Bu barada rus Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Habara görä, Russiýanyň premýer-ministri Mihaýil Mişustin şenbe güni degişli Karara gol çekdi.

Zähmet depderçesiniň elektron görnüşi – bu adaty zähmet depderçesine meňzeşdir. Onda hünärmen hem-de onuň iş ýeri, haçan işe kabul edildi we haçan işden boşadyldy, iş şertnamasyny haýsy sebäplere görä bes edendigi hakynda maglumatlar görkezilýär.

Karar zähmet depderçelerini ýöretmegiň düzgünleri boýunça 55 sany kadalaşdyryjy düzgüne üýtgetme girizýär diýlip, habarda aýdylýar.

Elektron zähmet depderçesini Pensiýa gaznasynyň resmi internet sahypasynda, hökümet hyzmatlarynyň portalynda şahsy otaga girmek bilen ýa-da bu çeşmeleriň telefon üçin applikasiýalarynda görmek bolar. Şeýle hem soňky iş ýerden ýa-da köpfunksionally merkezlerden elektron zähmet depderçesinden ýazgy görnüşinde maglumat alyp bolýar.

Russiýada elektron zähmet depderçelerini girizmek hakyndaky Kanun 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.

2022