Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow penşenbe güni Tatarstanyň premýer-ministri Alekseý Pesoşin bilen duşuşdy. Bu barada Tatarystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşyk Tatarstan Respublikasynyň hökümet binasynda geçirildi. Gatnaşyjylar türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň ýollaryna seretdiler.
Taraplar, hususan-da saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň lukmançylyk bilimi ulgamynda simulýasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek we Tatarystanda bilim alýan türkmen talyplaryny ýurduň lukmançylyk bilim edaralarynda taýýarlamak hem-de tejribelerini artdyrmak barada pikir alşyldy.
Şeýle hem koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek we onuň netijelerini ýeňip geçmek meselesine garaldy.
Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy 2019-njy ýylyň dekabrynda açyldy. Atadurdy Baýramow şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly wezipesine bellenildi.