Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna täze ýolbaşçy bellendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna täze ýolbaşçy bellendi
TNGIZT geçen alty aýda 2 million 946 müň tonna golaý harytlyk önüm taýýarlady.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine Döwran Gurbangeldiýewiç Çişiýew bellenildi.

TDH-nyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu Karara anna güni gol çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçen giňişleýin mejlisinde ýurt Baştutany TNGIZT-iň şol wagtky baş direktory Batyr Amanowy döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläpdi.

Häzirki güne çenli iri kärhananyň baş direktory wezipesini toplumyň baş inženeri wagtlaýyn ýerine ýetirdi.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýylyň birinji ýarymynda 2 million 950 müň tonna golaý nebit çig malyny gaýtadan işläp, meýilnamany 103 göterim ýerine ýetirdi.

2022