Altynyň 1 unsiýasynyň (takmynan 28 gram) bahasy 2011-nji ýylyň sentýabryndan bäri 1,900 ABŞ dollaryndan geçip, taryhda iň ýokary görkezijä golaýlady. Muňa geosyýasy ýagdaýlar we ähliumumy ösüş baradaky ynjalyksyzlyk netijesinde ygtybarly aktiwlere bolan islegiň ýokarlanmagy sebäp boldy. Bu barada “Bloomberg” habar berýär.
Strategiýa bilermenleriniň aýtmagyna görä, şular ýaly döwürde tygşytlaýyş serişdesi hökmünde maýa goýujylar tarapyndan ulanylýan haryt uly islegden peýdalanýar, çünki bil baglap bolýan beýleki aktiwler öňki özüne çekijiligini ýitirdi. COVID-19 bilen bagly çökgünligiň çuňlaşmagy sebäpli soňky hepdelerde amerikan dollary güýjüni gaçyrdy. Şol bir wagtda esasy döwlet obligasiýalarynda bar bolan we inflýasiýa sazlanan girdejilik noldan ep-esli aşak düşdi.
“Financial Times”-iň habar bermegine görä, anna gününiň ikinji ýarymynda altynyň bahasy $19 ýokarlanyp, aňrybaş görkezijä ýetdi, ýagny 1 unsiýanyň bahasy $1,906 golaýlady. Altynyň hümmeti yzygiderli ýagdaýda ýedinji hepdelik ösüşi saklaýar, sebäbi Waşingtonyň we Pekiniň arasyndaky gatnaşyklar diplomatik meselesine getirdi.
Çikagonyň “RJO Futures” kompaniýasynyň uly bazar strategi Bob Haberkornyň bellemegine görä, altynyň ösüş depgini heniz görlüp-eşidilmedik derejededir.
“Adamlar ýöne satyn almak isleýär, oýunda bolmak isleýär, olar bu mümkinçiligi elden gidermek islemeýär. Adamlar puluň has köp çap edilmegine, amerikan dollarynyň aşaklamagyna we daşary ýurt puluny satmak, satyn almak boýunça geleşikleriň baglaşylmagyna taýýarlyk görýär” diýip, Haberkorn sözüniň üstüni ýetirdi.
Häzirki wagtda altynyň bahasy 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda bellenilen $1,921-e aralaşdy we şu ýylda takmynan 25% gymmatlap, taryhda aňrybaş derejä golaýlaýar. Bu bolsa ony 2020-nji ýylda iň netijeli aktiwleriň birine öwürýär.