Özbegistan sementi import etmegiň tertibini ýeňilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan sementi import etmegiň tertibini ýeňilleşdirýär
Häzirki wagtda Özbegistanyň çäginde 28 sany sement zawody hereket edýär. (Surat: “Uzbekistan Forbes”)

Özbegistan Respublikasynyň Monopoliýa garşy göreşmek boýunça komitetiniň teklibi bilen import edilýän sementiň erkin dolanyşyga girizilmeginiň tertibi ýeňilleşdirildi hem-de wagty azaldyldy. Bu barada geçen penşenbe güni edaranyň metbugat gullugy habar berýär.

23-nji iýulda Özbegistanyň Ministrler Kabineti “Sementi import etmegiň tertibini ýeňilleşdirmek we içerki bazary ýokary hilli sement bilen üpjün etmek çäreleri hakynda” 450 belgili Karary kabul etdi. Resminama laýyklykda, import edilen sement 28 günüň (ozal) dowamynda däl-de, indi 1-2 günüň dowamynda erkin dolanyşyga girizilip bilner.

“Bu çözgüdiň ýurduň içerki bazaryny ýokary hilli sement bilen üpjün etjekdigine we oňa bolan bahany peseltjekdigine garaşylýar” diýip, habarda berilýär.

Häzirki wagtda Özbegistanyň çäginde 28 sany sement zawody hereket edýär, olaryň 16 sanysy öz önümlerini biržanyň üsti bilen ýerleýär. Biržanyň üsti bilen satylan sementiň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 102% ýokarlandy.

Muňa garamazdan maý aýyndan başlap biržada sementiň ortaça bahasynyň ýokarlanmagy yzarlandy. Şu ýylyň 1-6 iýun aralygynda sementiň bir tonnasy üçin ortaça baha 634 müň suma ($62.05) barabar boldy we 6-12 iýul aralygynda 814 müň suma ($79.66) çenli ýokarlandy. Ortaça başlangyç baha 462 müň suma ($45.21) barabar bolup, ösüş depgini 76% boldy. Häzirki wagtda sementiň bir tonnasy üçin biržadaky bahasy 854 müň sum ($83.58) bolup, ol takmynan iki esse ýokary.

Şol bir wagtda 2019-njy ýylyň görkezijileri bilen deňeşdireniňde şu ýyl sementiň importy birnäçe esse peseldi. Geçen ýylyň ýanwar-iýun aralygynda 1.8 million tonna sement import edilen bolsa, şu ýyl degişli döwür üçin görkeziji 56% peselip, 813 müň tonna barabar boldy.

2022