TOPH taslamasyna gatnaşyjylar guramaçylyk we maliýe meselelerini maslahat etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
TOPH taslamasyna gatnaşyjylar guramaçylyk we maliýe meselelerini maslahat etdiler
TOPH gazgeçirijisiniň uzynlygy 1,840 kilometre barabar bolup, ol ýylda 33 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň guramagynda nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda duşenbe güni Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşyjy döwletleriň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň elektron gazeti habar berýär.

Maslahata türkmen tarapyndan Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow we beýleki degişli ýolbaşçylar gatnaşdylar.

Maslahatda gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegine degişli guramaçylyk, maliýe we gurluşyk meselelerine garaldy. Häzirki wagtda dünýäde dowam edýän koronawirus ýokanjy zerarly belli bir çäklendirmeleriň dörändigine garamazdan, taraplaryň onuň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändikleri aýratyn bellenildi.

TOPH halkara gazgeçirijisine gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň aýtmagyna görä, onuň durmuşa geçirilmeginiň sebitde parahatçylygy üpjün etmekde hem uly ähmiýeti bardyr.

Maslahatda Owganystanyň, Hindistanyň we Pakistanyň wekilleri tarapyndan TOPH taslamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň hökümetiniň, ýangyç-energetika toplumynyň işine ýokary baha berildi.

Umumy uzynlygy 1,840 kilometre barabar boljak TOPH gazgeçirijisi doly ulanmaga berlenden soň, ol ýylda 33 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýa tarap akdyrmaga mümkinçilik berer.

2022