“Moderna” kompaniýasy koronawirusa garşy 50-60 ABŞ dollarlyk waksinany hödürläp biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Moderna” kompaniýasy koronawirusa garşy 50-60 ABŞ dollarlyk waksinany hödürläp biler
“Moderna Inc” kompaniýasy koronawirus ýokanjyna garşy waksinasynyň bir adamlyk sanjymy üçin 50-60 amerikan dollary aralygynda baha kesgitlemekçi.

ABŞ-niň “Moderna Inc” kompaniýasy koronawirus ýokanjyna garşy waksinasynyň bir adamlyk sanjymy üçin 50-60 amerikan dollary aralygynda baha kesgitlemekçi diýip, “Financial Times” gazeti sişenbe güni habar berdi. Bu bolsa, “Pfizer Inc” we “BioNTech” kompaniýalarynyň waksinasynyň bahasyndan azyndan 11 amerikan dollar möçberinde gymmat bolup durýar.

“Financial Times” gazetiniň berýän habaryna görä, öndüriji tarapyndan hödürlenýän baha ABŞ-niň we beýleki ýokary girdejili ýurtlaryň çäklerinde hereket eder.

Şeýle hem, maglumata görä, “Moderna” kompaniýasynyň iki dozadan ybarat bir bejergi üçin teklip edýän bahasy ABŞ-niň “Pfizer Inc” we Germaniýanyň “BioNTech” kompaniýalarynyň waksinanyň iki dozasy üçin 39 amerikan dollary möçberindäki bahasyndan ýokary.

Şol bir wagtyň özünde, “AstraZeneca” atly beýleki bir derman öndürijisi waksinany öndürmek babatynda Niderlandlar, Germaniýa, Fransiýa we Italiýa bilen ylalyşyga gol çekdi. “SVB Leerink” kompaniýasynyň farmasewtiki we biotehnologiýa seljerijisi Jeffri Porjesiň geçiren hasaplamalaryna görä, bu waksinanyň her dozasynyň bahasy 3-4 dollara barabar boldy. Bu halkara farmasewtiki kompaniýasy ABŞ-niň Hökümeti bilen hem meňzeş ylalaşygy baglaşdy.

“Pfizer Inc”, “Moderna” we “Merck & Co” kompaniýalary öz öndürjek waksinalaryndan maddy peýda görjekdiklerini habar berdiler. Käbir derman öndürijileri bolsa, şol sanda “AstraZeneca” we “Johnson & Johnson” kompaniýalary waksinalary üçin bahany kesgitlemekde täjirçilik maksatlarynyň göz öňünde tutulmajakdygyny yglan etdiler. Bu çözgüt azyndan pandemiýanyň ilkinji tapgyrlarynyň çäginde hereket eder.

“Täze Angliýanyň Lukmançylygy” žurnalynda şu aýyň başynda çap edilen barlaglara laýyklykda, ABŞ-niň Milli saglygy goraýyş instituty tarapyndan geçirilen barlagyň birinji tapgyrynda “Moderna” kompaniýasynyň waksinasy barlag işlerine gatnaşanlaryň 45-siniň ählisinde koronawirusa garşy immunitet döretmegi başardy. Barlagyň üçünji tapgyryna duşenbe güni badalga berildi we oňa ABŞ-niň dürli künjeklerinde 30 müň adam gatnaşar.

Şu aý “AstraZeneca” kompaniýasy Oksford uniwersiteti bilen bilelikde işläp taýýarlanýan waksinanyň “durnukly immun reaksiýa” döredendigini we onuň howpsuzdygyny habar berdi. “BioNTech” we “Pfizer Inc” kompaniýalary hem öz gezeginde meňzeş habary beýan etdiler.