Kabul, Aşgabat we Baku üstaşyr gatnawyň nyrhyny azaltmak meselesine seretdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kabul, Aşgabat we Baku üstaşyr gatnawyň nyrhyny azaltmak meselesine seretdi
Maslahata gatnaşyjylar üstaşyr geçirmegiň nyrhyny azaltmak, käbir hyzmatlary tölegden boşatmak ýaly ýeňillikleriň göz öňünde tutulmalydygyny bellediler.

Owganystanyň, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň arasynda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça üçtaraplaýyn iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi.

“Altyn Asyr” elektron gazetiniň sişenbe güni habar bermegine görä, wideomaslahat görnüşinde geçirilen foruma üç ýurduň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Iş toparynyň mejlisinde «Lapis Lazuli» üstaşyr geçelgesi boýunça Bitewi logistika merkeziniň taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ilkinji ädimi hökmünde Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan üçtaraplaýyn görnüşde logistik işi utgaşdyrýan düzümi döretmegiň mümkinçiligine garaldy, onuň guramaçylyk-hukuk ugry ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şu ugur boýunça ýükleri daşamak üçin nyrh syýasaty meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. “Onuň esasyny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga gatnaşýan ähli ýurtlar üçin deň derejedäki ykdysady we maliýe şertlerini döretmäge bolan meýiller düzmelidir” diýlip, maslahatda aýdyldy.

Wideomaslahata gatnaşyjylar birek-birege dürli ýeňillikleri bermegiň mümkin boljak gurallaryna-da garadylar. Şolaryň hatarynda, üstaşyr geçirmegiň nyrhyny azaltmak, ýükler saklananda hyzmatlaryň käbir görnüşleri üçin töleglerden boşatmak ýaly ýeňillikler göz öňünde tutulýar.

Gepleşigiň gün tertibine Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan ugrunyň sanly atlasyny taýýarlamak meselesi hem girizildi. Häzirki wagtda “Türkmenawtoulaglary” agentliginde ulag serişdelerini sanlylaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu işler ýeňil we ýük awtoulaglarynyň geçýän ýoly, tehniki ýagdaýy, ýangyjy sarp edişi baradaky maglumatlary bermek üçin olara GPS-trekerleri ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar.

Şeýle-de taraplar üç ýurt üçin bitewi GIS kartasyny döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu karta geomaglumatly ulgamdyr. Ýagny giňişleýin we geografik maglumatlary ýygnamak, saklamak, seljermek hem-de olar bilen bagly zerur desgalarda, şol sanda demir we awtoulag ýollarynda hem-de menzillerde, deňiz portlarynda, howa menzillerinde, ýük meýdançalarynda, binalarda we beýleki düzümleýin desgalarda maglumatlary seljermek bilen baglanyşykly ulgamdyr.

Iş toparynyň mejlisine gatnaşyjylar telekommunikasiýalar ulgamy boýunça özara gatnaşyklara-da üns berdiler.

Häzirki wagtda Türkmenistan möhüm taslamalaryň ikisini: Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de Hazar deňziniň düýbi boýunça Türkmenbaşy – Siazan ugry boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda optiki-süýümli kabel aragatnaşygy ulgamynyň gurluşygyny amala aşyrýar.

2022