Aktau porty bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda fider gämisi gatnar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aktau porty bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda fider gämisi gatnar
Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Halkara Hazar ugry boýunça 6,538 konteýner daşaldy.

Gazagystanyň Aktau porty bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasynda täze fider gämisiniň gatnawyny ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar.

“Inbusiness” saýtynyň habar bermegine görä, fider gämisi hepdede azyndan bir gezek gatnawy ýerine ýetirer.

Habarda Hazar deňziniň Gazagystandaky kenarynda ýerleşýän Aktau portundan ýük gatnawlarynyň täze görnüşleriniň üstünde işlenýändigi aýdylýar. Türkmenbaşy – Aktau – Türkmenbaşy portunyň arasyndaky gämi gatnawy bolsa şolaryň biridir.

Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Halkara Hazar ugry boýunça 6,538 konteýner daşaldy. Bu bolsa, geçen ýyla seredeniňde 950 konteýner köpdür.

Azerbaýjanyň Baku halkara deňiz söwda portunyň we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasynda hem aprel aýynda fider gämisi hereket edip başlapdy.

Hazar deňziniň demirgazyk-gündogar kenarynda ýerleşýän Aktau portundan Hazarýaka ýurtlaryna ýükleriň gatnawy amala aşyrylýar. Portuň 80 müň inedördül metre golaý açyk, 2 müň inedördül metr ýapyk meýdançasy hereket edýär.