Dünýä syýahatçylygy СOVID-19 sebäpli diňe bäş aýda $320 milliard ýitirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýä syýahatçylygy СOVID-19 sebäpli diňe bäş aýda $320 milliard ýitirdi
Ýanwar-maý aýlaryndan geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende halkara syýahatçylyk saparlarynyň sany 56%, maý aýynda 98% azaldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy (UNWTO) sişenbe güni koronawirus pandemiýasy zerarly dünýä syýahatçylyk pudagy 2020-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda $320 milliard ýitirendigini mälim etdi.

Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň beýannamasynda ýanwar-maý aýlary aralygynda ýitirilen girdejiniň mukdary “2009-njy ýyldaky bütündünýä global ykdysady çökgünlikden üç esse köpdür”.

Koronawirus zerarly ýurtlaryň gatnawlara girizen çäklendirmeleriniň netijesinde syýahatçylaryň sany 300 million azaldy. Ýanwar-maý aýlaryndan geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende halkara syýahatçylyk saparlarynyň sany 56%, maý aýynda 98% azaldy.

“Soňky görkezijiler syýahatçylygy howpsuz ýagdaýda dikeltmegiň möhümdigini aňladýar. Halkara syýahatçylygyň pese gaçmagy millionlarça adamyň ýaşaýyş serişdesini ýitirmegine howp salýar, bu ýagdaý ösýän ýurtlara hem degişlidir” diýip, UNWTO-nyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili aýdýar.

UNWTO görä, halkara syýahatçylaryň esasy çeşmeleri bolan ABŞ-da we Hytaýda heniz hem çäklendirme saklanýar.

Soňky gezek halkara syýahatçylaryň sanynyň ýyllyk pese gaçmagy 2009-njy ýylda bolup geçdi, şonda global ykdysady çökgünlikde olaryň sany 4% pese gaçdy.