Türkmenistanyň Prezidenti eýranly kärdeşi bilen COVID-19-yň täsirini azaltmagy maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti eýranly kärdeşi bilen COVID-19-yň täsirini azaltmagy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň we Eýranyň Baştutanlary birek-biregi Gurban baýramy bilen gutlap, türkmen we eýran halklaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda çarşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine görä, goňşy döwletleriň Baştutanlary birek-biregi ýakynlap gelýän Gurban baýramy bilen gutlap, türkmen we eýran halklaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda işjeň ösdürilýändigini aýtdy.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselesi bolan täze görnüşli koronawirus ýokanjy, onuň ýaýramagynyň halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna edýän ýaramaz täsiri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan ählumumy häsiýete eýe bolan COVID-19 ýokanjyna garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar we bu wehime garşy netijeli göreş alyp barmak üçin ylalaşykly tagallalaryň taýýarlanylmagyny zerur hasaplaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm üns berýändigi üçin eýranly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

2022